Brit Olam – halkara Bneý Noah merkezi

Biz pygamberleriň wada berip: “ Köp halklar gelip, şeýle diýerler: Geliň, Rebiň dagyna – Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize ýollaryny öwreder. Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar. “ (Iş.2:3). “Men şonda hemmeleriň Maňa ybadat edip, agzybirlik bilen Maňa gulluk ederleri ýaly, milletlere päk dil bererin”. (Sep.3:9). “Reb tutuş ýer ýüzüniň Şasy bolar. Şol gün Reb ýeke-täk Reb bolar we Onuň ady ýeke-täk at bolar”.(Zak.14:9) – aýdan sözleriniň berjaý bolmasyna gatnaşmak – bu biziň üçin uly mertebe diýip hasap edýäris.

Bu umumy, mukaddes işde ýoldaşlarymyz we arkadaşlarymyz bolmaga çagyrýarys, goşandyňyz nähili bolsa-da ol möhüm we gymmatly bolar. Bu hormata mynasyp bolup bize goşulanlar – ähli öwgä mynasyp bolarlar, çünki olar iň esasy işe – Göklerde Onuň Adyny beýgeldip, dünýäniň düzelmegine gatnaşýarlar. Siziň we biziň saýlanmagymyz şu başlanan beýik işde umumy tagallalarymyzy birleşdirmegimizde jemlenýär.

Bereketler we makullamalar

Butlara sejde etmek gadaganlygy

“Kimde-kim ýeke-täk Rebden başga hudaýa gurbanlyk berse, bütinleý ýok edilsin”, (Müsürden çykyş 22:20) aýatdan gelip çykýar.

 Hudaýa dil ýetirmek gadaganlygy

„Kim öz Hudaýyna dil ýetirse, onuň günäsi öz boýnunadyr”, (Lewiler 24:15) aýatdan gelip çykýar.

 Gan dökmek gadaganlygy

“Kimde-kim bir ynsanyň ganyny dökse, onuň gany hem ynsan tarapyndan döküler”,(Gelip çykyş 9:6) aýatdan gelip çykýar

Ahlak taýdan bozulmak gadaganlygy

“Çünki sizden öň bu ýurtda ýaşan ilat bu nejislikleriň baryny etdi we ýurt harama çykdy”,(Lewiler 18:27) aýatdan gelip çykýar.

Ogurlyk gadaganlygy

Ýoseýf bilen bolup geçen wakadan gelip çykýar. Ol yerde ýazylan:   ”Eger käse gullaryňyň birinden çykaýsa, goý, şol adam öldürilsin”.(Gelip çykyş 44:9

Diri haýwan bölegini  iýmek gadaganlygy

“ Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr”, (Gelip çykyş 9:4) aýatdan gelip çykýar.

Adalatly kazyýeti guramak buýrugy

Şehem we Dina bilen bolup geçen wakadan gelip çykýar.(Gelip çykyş 34:26

Back to top button
Translate »